Milli Liderimiziň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň esasynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň iň bir ähmiýetli ýörelgelerini düzmekde we ony durmuşa geçirmekde döwleti dolandyrmagyň parasatly ýörelgelerine daýanmagy, ýokary ynsanperwerligi adat edinmegi, dünýäniň her bir ýurdy bilen deň derejedäki dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly ýola goýulmagyny maksat tutunmagy döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny kepillendirýär. Ata Watanymyzda goňşy ýurtlar, dostlukly halklar bilen amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar ýurdumyzda halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň has-da berkemegine, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, esasan hem, parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegine uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen hemişelik Bitaraplyk derejesine bagyşlanan «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň düýp mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär» diýip bellemegi Türkmen Bitaraplygynyň derejesini, many-mazmunyny, onuň maksadyny doly aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.