2 — 4 ýaşly çagalaryň surat çekmäge ymtylyşy diňe güýmenje däl-de, olaryň sagdyn ösmegi üçin wajyp türgenleşikdir. Çaganyň geljekki ukyp-başarnygy hut şu ýaşda göze ilip başlaýar. Döredijiligiň, aýratyn-da, surat çekmegiň körpejeleriň ösüşine uly peýdasy bar.
Elinde çemçejigini saklamaga ýaňy endik edinen çagajyga surat çekmek ilkibada ýeňil däl. Sebäbi oňa eliniň we görejiniň sazlaşykly hereketini gurnamak aňsat bolmaýar. Ýöne çaga näçe ir elinde çemçe tutup, özi naharlanmaga başlasa, galamdyr çotga saklap, kagyza bir zatlar çyrşamaga güýmense, onuň ösüşine diýseň peýdalydyr. Eliniň hereketini görejiniň yzarlamagy arkaly «el-göz» sazlaşygy ýola goýulýar.