Oty köpüň — maly dok

19 Noýabr 2024
209

Maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny gazanmaga mynasyp goşant goşýan Mary welaýatynyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary şu ýyly üstünlikli jemlemek maksady bilen, tutanýerli zähmet çekýärler. «Yhlasa – myrat» diýlişi ýaly, olaryň zähmeti ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň owlak-guzy almak möwsüminde gazanylan görkezijiler güwä geçýär. Agzalan döwürde bu ýerde 25 müň 50-ä golaý ene goýundan 20 müňden gowrak sagdyn guzy alnyp, şonuň ep-esli bölegi ösdürime goýberildi. Güýz gyrkymy aýny wagtynda üstünlikli geçirilip, bu baradaky meýilnama artykmajy bilen berjaý edildi.

Maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary howanyň sowuk wagtlary mallary goşmaça iýmitlendirmek üçin gerek boljak ätiýaçlyk ot-iým gorunyň 2 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. «Babaçöňňe» ýaýlasynda zähmet çekýän ot taýýarlaýjylaryň dowarlaryň gyşky öri meýdanlaryna eltip, basyp goýan ätiýaçlyk ot küdeleri dowarlary gyş paslyndan dok we abat alyp çykmaga şert döreder.

Toý­ly GAR­ÝAG­DY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ma­ry we­la­ýat bir­leş­me­si­niň hu­kuk­çy­sy.