Şöhraty dünýä dolan taryhy mekan

19 Noýabr 2024
343

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy egsilmez joşguna beslendi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabara ýakymly duýgular bilen ýatda galdy.

Mälim bolşy ýaly, Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek bilen bagly çözgüt 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilipdi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol resminamasyna laýyklykda guramaçylyk topary döredildi, onuň düzümi tassyklandy, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy».