Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

19 Noýabr 2024
214

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.