Ko­ko Gauff möw­sü­mi jem­le­di

15 Noýabr 2024
207

Ten­nis bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şy «WTA Fi­nals» ta­mam­lan­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ry­şa WTA-nyň sa­na­wyn­da öň­de bar­ýan 8 ten­nis­çi gat­naş­dy. Olar 2 to­par­ça­da bäs­le­şip, ne­ti­je­de fi­na­la ame­ri­ka­ly Ko­ko Gauff bi­len hy­taý­ly Çžen Sin­wen çyk­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen fi­nal­da ýe­ňi­ji 3 set­de bel­li bol­dy. 1-nji set­de Sin­wen 6:3 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. 2-nji set­de bol­sa ýe­ňiş Ko­ko Ga­uf­fyň ta­ra­pyn­da bol­dy (6:4). Fi­nal set ha­sam çe­ke­le­şik­li ge­çip (7:6), taý-bre­giň ne­ti­je­sin­de ame­ri­ka­ly ten­nis­çi ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şun­luk­da, 2:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Ko­ko Gauff bir­nä­çe sta­tis­ti­ka­la­ryň hem eýe­si bol­dy. Ol Se­re­na Wil­liams­dan soň (2014) bu ýa­ryş­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ame­ri­ka­ly, şol san­da soň­ky 20 ýyl­da çem­pi­on bo­lan iň ýaş ten­nis­çi­si hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy (Ma­ri­ýa Şa­ra­po­wa, 2004). Ol şol bir wag­tyň özün­de soň­ky 18 ýyl­da bir ýa­ryş­da sa­na­wyň 1-nji hem-de 2-nji bel­gi­li ten­nis­çi­le­ri­ni ýe­ňen il­kin­ji ten­nis­çi diý­lip bel­li­ge alyn­dy. Soň­ky ge­zek 2006-njy ýyl­da «Ame­ri­ka Açyk­da» Ma­ri­ýa Şa­ra­po­wa sa­na­wyň 1-2-nji bas­gan­çak­la­ryn­daky ten­nis­çi­leri ýe­ňip­di.

Bu ýa­ryş­da Li Na­dan soň fi­na­la çy­kan 2-nji hy­taý­ly ten­nis­çi bo­lan Çžen Sin­wen bu ýa­ry­şa il­kin­ji ge­zek gat­naş­dy. Ýa­ry­şyň do­wa­myn­da be­la­rus­ly Ary­na Sa­ba­len­ka, ita­li­ýa­ly Jas­min Pao­li­ni, ga­za­gys­tan­ly Ýe­le­na Ry­ba­ki­na, hy­taý­ly Çžen Sin­wen gül­gün to­par­ça­da, pol­şa­ly Iga Şwen­tek, ame­ri­ka­ly Ko­ko Gauff, rus­si­ýa­ly Da­ri­ýa Ka­sat­ki­na hem-de çe­hi­ýa­ly Bar­bo­ra Kreý­çi­ko­wa mä­mi­şi to­par­ça­da çy­kyş et­di­ler.