Kiçi futbolda ýaryşdylar

14 Noýabr 2024
239

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki meýilnamalary esasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary çekeleşikli häsiýete eýe bolýar. Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda geçen kiçi futbol ýaryşynyň etrap tapgyry babatynda hem şeýle diýmek bolar.

Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden gelen toparlar öz aralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary geçirdiler. Futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma döreden ýaryşda 17-nji orta mekdebiň topary garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar edip, ýeňiji boldy hem-de ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji orna 15-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 19-njy orta mekdebiň okuwçylary mynasyp boldular.

Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni.