Berkararlyk— başymyzyň jygasy

13 Noýabr 2024
274

Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan edeninden soňra daşary syýasatda goňşy döwletler bilen hoşniýetli, parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmak ýörelgelerine eýerdi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Baş Assambleýanyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi, şol ýylyň özünde Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny yglan etdi. Birleşen Milletler Guramasy ikinji jahan urşundan soňra dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredilýär. Şol wagt onuň düzüminde 51 sany döwlet bardy. Häzirki wagtda BMG-niň düzüminde 193  sany döwlet bar. Merkezi edarasy Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär.

1992-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistan BMG-niň ýanynda Hemişelik wekilhanasyny açdy. 1994-nji ýylda bolsa, Aşgabatda BMG-niň wekilhanasy açyldy. 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Helsinkide (Finlandiýa) geçirilen ÝHHG-niň sammitinde Türkmenistan ilkinji gezek özüniň daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde hemişelik Bitaraplyk syýasatyny saýlap almak islegini beýan edýär.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.