«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň amatly günlerinde gaýratly zähmet çekip, ene topraga bugdaý tohumyny taşlan kärendeçi daýhanlaryň ekin meýdanlary häzirki döwürde ýaşyl öwüsýän maýsalary bilen hemmeleriň ünsüni çekýär. Olarda geljek ýylyň bereketli hasylynyň alamatlaryny, berk binýadyny görýän gallaçylar öz iş depginlerini gowşatman, ideg çärelerine girişýärler.
Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri hem şu ýylyň bugdaý ekişi möwsümini öndürijilikli, guramaçylykly alyp bardylar. Şonuň netijesinde hem olar 930 gektar meýdanda bu işi talabalaýyk berjaý edip, bellenilen meýilnamany öz wagtynda ýerine ýetirdiler. Munuň özi birleşigiň gallaçylarynyň tutanýerli zähmetiniň beren guwandyryjy miwesi boldy.