Kino sungatynyň dabarasy

13 Noýabr 2024
270

Sungat dünýäsiniň serhetsizdigini görnükli şahsyýetler juda jaýdar belläpdirler. Elbetde, sungatyň köpdürlüligi bu ulgamyň ösüşinden, özgerişinden, kämilliginden nyşandyr. Ol has kämilleşdigisaýy, şol halkyň ykbaly hem nurlanýar. Ykbaly nurlanan halk bolsa, öz durmuşyny sungat eserlerine siňdirmäge başlaýar. Bu babatda, ilki bilen, göz öňümizde kino sungaty janlanýar. Aslynda, kino — hakyky durmuşdan alnan bir bölek! Şol eser arkaly biz durmuşa aýnanyň öňünde duran ýaly tomaşa edýäris. Gynanmaly ýerinde gynanyp, şatlanmaly ýerinde çynymyz bilen şatlanýarys. Onuň terbiýeçilik ähmiýeti-de hut şonda bolsa gerek. Sebäbi adam üst-başyna serenjam bermek üçin ýüz görülýän aýnanyň öňüne barşy ýaly, kinoda häsiýetlendirmeler, çeper keşpler arkaly özüne meňzeş «gahrymany» tapýar. Hut şol pursatdan başlap, tomaşaçy ol keşp arkaly durmuşa, täzeçe, üýtgeşik röwüşde seretmäge başlaýar. Gürrüňimiziň dowamyny kino sungatynyň ösüşi bilen baglasymyz gelýär.

Ine, düýn hem paýtagtymyz Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde açylyş dabarasy bolan festiwal turuwbaşdan şowhuna beslendi. Üç gün dowam etjek bu kino baýramçylygynyň dowamynda dostlukly halklaryň birek-birege owalkydan-da has ýakynlaşmaklary bilen bilelikde, sungat ussatlarynyň didarlaşmagyna, döredijilige ýugrulan pikir alyşmalaryna şaýat bolunjakdygynam arkaýyn aýdyp bileris. Üstesine-de, kino äleminiň ussatlarynyň döredijilik ýoly bilen tanyşmak bu foruma gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Bu kinofestiwalyň ikinji gününi has üýtgeşik, gyzgalaňly, pikirlere baý geçer diýip arkaýyn aýdyp bileris. Sebäbi, ilki bilen, «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşýan daşary ýurtly kinematografiýaçylaryň we artistleriň biziň ýokary okuw mekdebimiz — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklaryny, yzysüre bolsa «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçiriler. Ýeri gelende bellesek, festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kino eserlerini, hususan, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde görkezmek meýilleşdirilýär.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».