Ekologiýa abadançylygy ugrunda

13 Noýabr 2024
284

Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Eziz Diýarymyz hemişe giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam edýän oňyn hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ýurdumyz möhüm ekologiýa howpsuzlygyny öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Ýurdumyz suw serişdelerini goramak we ýerleriň zaýalanmagynyň, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, bioköpdürlüligi saklamak ýaly sebit derejesindäki meseleleri çözmekde hem nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Garagum sährasynyň jümmüşindäki, el bilen döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen ägirt uly ekologiýa taslamasynyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde öri meýdanlarynyň müňlerçe gektary dolanyşyga gaýtarylyp berilýär, zeý suwlary gaýtadan ulanylýar, suw serişdeleriniň gorlary artýar, bioköpdürlülik baýlaşýar. Bu taslama ilatyň saglygy, daşky gurşaw hakynda döwletiň edýän aladasynyň nusgasy bolup durýar.

Mähri TOÝMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.