Şöhraty dünýä dolan Anew

12 Noýabr 2024
331

2024-nji ýyl «Änew şäheri – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Gadymy Änew şäheri taryha baý. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar» diýip belleýär.

Dünýä taryhynda Änew medeniýetiniň ady ak bugdaýyň ilkinji watany hökmünde şöhratlanýar. Änew şäherinden Kaka etrabyna gidýän ýoluň ugrunda uzakdan seleňläp görünýän iki arheologiýa depeleri şol gadymy däne galyndylarynyň tapylan arheologiýa ýadygärlikleridir. Änew arheologiýa ýadygärlikleri Aşgabadyň 12 kilometr gündogarynda ýerleşýär. Olar ýerleşişine görä ylymda «Demirgazyk Änew» hem-de «Günorta Änew» diýlip atlandyrylýar. Ine, şu arheologiýa depeleri ylma «Änew medeniýeti» diýlen düşünjäni goşdy. Onuň sebäbi, merkezi Änew depeleri bolan ençeme arheologiýa ýadygärliklerde bir döwürde medeni ösüşler bolupdyr. Olardan ýüze çykarylan tapyndylar bu ýerde özboluşly medeniýetiň dörändigini subut etdi. Şol arheologiýa depelerinde biziň eýýamymyzdan öňki 4 — 2-nji müňýyllykda medeniýet pajarlap ösüpdir. Ilat esasan ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Şoňa görä-de, bu medeniýeti döredijiler oba hojalyk zähmet gurallaryny, öý we hojalyk enjamlaryny kämilleşdirmäge aýratyn üns beripdirler.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.