Milli edep-terbiýe ýörelgeleri

12 Noýabr 2024
370

Adamyň kemala gelmeginde terbiýä uly orun degişlidir. Terbiýeçilik işi uly nesliň möhüm wezipesidir. Türkmen halky terbiýä uly üns berýän halk, muny «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Adam — terbiýä, at seýse bagly» ýaly nakyllarynda beýan edipdir. Terbiýeçilik işi çaga ideg etmegi, ony eklemegi, onuň saglygy, bedeniniň dogry ösmegi, akyl, erk-ahlak, ruhy taýdan kemala gelmegi ugrunda alada etmegi, oňa ýagşyny, ýamany tapawutlandyrmagy öwretmegi, zähmete taýýarlamagy öz içine alýar. Halk arasynda şeýle bir pähim bar: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir». Milletiň kämil ýörelgelerini dowamat-dowamata atarýan kämil bilim-terbiýeli nesillerdir.

Her bir halkyň öz milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, milli häsiýetini şöhlelendirýän edep-terbiýe medeniýeti bar. «Gorkut ata» şadessany, «Kowusnama», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy azat» eseri, Magtymguly Pyragynyň we nusgalyk şahyrlarymyzyň döredijiligi, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň eserleri türkmen halkynyň edep medeniýetini şöhlelendirmekde uly ähmiýete eýedir. Halk arasynda adamyň edep-terbiýesine baha berlende, ilki bilen, onuň adamkärçiligi göz öňünde tutulýar. Halkymyz «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýip, adamkärçilige ýokary baha berýär. Şonuň bilen hem, her kim bolsaň-da, ilki bilen adamkärçilikli bol, şonda sen il-günüň hormatyna mynasyp bolarsyň diýip öwredýär.

Ogulbäbek GARRYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.