Bagban hurma ýetişdirýär

12 Noýabr 2024
237

Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherçesiniň ýaşaýjysy Atajan Babanazarowyň mellegi goňşularynyňkydan has üýtgeşik. Çünki bu mellekde ýerli bolmadyk del miweli agaçlar hem ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň köpüsi subtropik howa şertlerine laýyk gelýän miweli baglar. Şeýle-de bolsa Atajan olary biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyryp, ösdürip ýetişdirýär.

Hurma, beýleki miwelerden tapawutlylykda, güýzdür gyşyň önümi. Onuň saglyk üçin hem peýdasy köp. Şol sebäpli biz bagbanyň hurmany ýerli şertlerde haýsy usullary ulanyp ýetişdirýändigi bilen gyzyklandyk. Şu ýyl Atajan Babanazarowyň 0,20 gektarlyk melleginde hurma agaçlary bol hasyl getiripdir.

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.