Änew medeniýetiniň keramika sungat eserleri

12 Noýabr 2024
296

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly we şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi we şu ýylyň 27-nji martynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli arheologlar, taryhçylar, gündogary öwrenijiler, professorlar we ýaş alymlar gatnaşdylar. Noýabr aýynyň 16-syna bolsa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy guralar.

Gadymy Änew türkmen topragynyň irki medeniýetleriniň mekany hasap edilýär. Bu medeniýeti öwrenmek işi ilkinji bolup amerikan alymy R.Pampelli tarapyndan amala aşyrylýar. 1904-nji ýylda onuň ýolbaşçylygynda Änewiň demirgazygyndaky we günortasyndaky depelerde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirildi.

Annagül BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.