Kino sungatynyň ussady

11 Noýabr 2024
273

Milli sungatymyzy ösdürmek, ussat halypalary ýatlamak, hatyralamak biz — medeniýet işgärleriniň borjudyr. Türkmeniň kino sungatyny dünýä ýaýmakda ençeme işleri bitiren halypalaryň biri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Muhammet Söýünhanowdyr. Ol özüniň gysga, emma manyly ömründe türkmen kino sungatynda hiç kimiňkä meňzemeýän täsin komediýalary bilen bir hatarda, döwrüň wajyp meselelerine bagyşlanan täsirli dokumental filmleriň hem birnäçesini surata düşürdi.

XX asyryň 70-nji ýyllary Muhammet aganyň öndümli işlän ýyllary bolýar. Ol ýaşlara niýetlenen «Söýmek gerek» atly filmi surata düşürip, söýginiň adamzady hemişe tolgundyryp gelendigini, ony goramagyň zerurdygyny ýaşlara ündew edýär.

Magtym SARYKULOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň mugallymy.