Şatlyk-şowhuna, hoşniýetli ýagşy arzuw-umytlara beslenip Täze ýyl geldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir, zähmetsöýer ulus-ilimiz 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy. Täze ýyla gadam basylanda geçen ýyla nazar aýlamak, tamamlanan ýylda il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli beýik işlere gysgaça ser salyp oňa guwanmak eziz Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Taryha giren 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada oýlananyňda buýsançly başyň Gök direýär. Hawa, tamamlanan ýylda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ösüşler, bitirilen işler bedew batly Berkarar döwletimiziň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna uly üstünlikler bilen gadam basýandygyna şaýatlyk edip, buýsanjyňy goşalandyrýar.
Biz öz gündelik durmuşymyzda häli-şindi “ösüşler”, “belent sepgitler” diýen sözler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu zamanabap nurana söz ýaşaýyş-durmuşymyza giňden ornaşdy. Her bir gün Berkarar döwletimizi, bagtyýar milletimizi täze ösüşlere atarýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz ösüşleriň ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde giňden meşhurlyga eýedir. Bu hakykat biziň her birimizi örän buýsandyrýar we täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.