«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet derejeli uly işler bu gün Diýarymyzyň çar künjüniň, şol sanda paýtagtymyz Aşgabadyň, şeýle hem Arkadag şäheriniň ýylyň dört paslynda gyzyl-elwan, al-ýaşyl öwsüp oturan gülzarlyga, ýaşyl bossanlyga öwrülmegine getirdi. Gözüňe hoş ýakýan şeýle ýagdaýlar gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan we bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän, ýylda iki gezek ýaz hem güýz paslynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň aýdyň netijesidir. Halkymyzyň uly-kiçi diýmän, agzybirlikde gatnaşýan bu asylly çäresinde ýylyň-ýylyna miweli hem saýaly agaçlaryň müňlerçesi ekilýär. Tebigatyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, ynsan saglygy üçin hem tapylgysyz gymmaty bolan ýaşyl baglaryň, al-elwan gülleriň ähmiýeti lukmançylyk ylmynda hem möhüm orun tutýar.