Parahat durmuşa çagyryş (Ýaş žurnalistiň sözi)

8 Noýabr 2024
354

Ynsan özüni haçan bagtly duýýar?! Elbetde, rahat, eşretli, asuda durmuşda ýaşaýan çagy. Megerem, şonuň üçin ähli söhbetleriň başy «salam» sözünden başlaýandyr. Salam sözüniň manysy — «Men size abadançylyk arzuw edýärin!» diýmekdir. Türkmen halkynyň «Edebiň başy — salam» diýen aýtgysynda-da, onuň näderejede abadançylyga, parahatçylyga hormat goýýandygyny aňmak bolýar.

Her ynsan — uly bir dünýä. Özüniň güneşi — kamary, pikir-garaýşy bilen. Ýüreginde ýagşy niýet bar ynsanyň pikiri hem elmydama adamzat bähbitlidir. Sözüň bilen täsir etmek üçin, ilkinji nobatda, uly ýüregiň bolmagy möhüm. Şeýle uly ýürekli ynsanlar bolsa halk üçin, il-gün üçin, bütin adamzat nesli üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy döredýärler. Ol bolsa — poeziýadyr.

Gülnar GELDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Nesil».