Baglaryň sapaly saýasy we şypaly miwesi bar

9 Noýabr 2024
329

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak ýaly watançylyk hereketine ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň mähriban ülkämizi bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyjynyň esasynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň çäginde şu möwsümde hem guramaçylykly badalga berildi.

Şu gün biz hem ildeşlerimiz bilen birlikde saýaly we pürli agaçlaryň ýüzlerçe düýp nahalyny ekmäge gatnaşdyk. Bu iş şäherimiziň çäginde ýene-de guramaçylykly dowam etdirilýär. Bag ekmek we arassalaýyş-abadanlaşdyryş işlerine biziň bilen birlikde il sylagly ýaşulular we ýaşlar, daşky gurşawy, tebigaty goramak, bilim, bank, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň bag ekmek, tebigy baýlyklarymyza aýawly garamak, olaryň üstüni ýetirip durmak ýaly asylly däpleri täze öwüşginler bilen baýlaşýar. Baglaryň hatary artdygysaýyn mukaddes topragymyz barha gözelleşýär. Şonuň bilen birlikde ildeşlerimiziň göwünleri hem sogaply işlere eýlenip, has gözelleşýär. Daş-töweregimiziň ýaşyl öwsüp durmagy howamyzyň tämiz bolmagyny-da üpjün edýär. Bag ekmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldelerine eýerip, tebigatymyzyň baýlyklarynyň üstüni ýetirýändigimize tüýs ýürekden buýsanýarys.

Jennet ILMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.