Küdüň — ýer sürlende meýdanda emele gelýän uly-uly kesekleri döwmek üçin, ujy tommaýly agaçdan ýasalan ýönekeý zähmet guraly. Çeper eserlerde «ýumrugy küdüň ýaly» diýen meňzetme köp ulanylýar.
Depme — suwy pes ýerden beýik ýere çykarmak üçin ulanylýan, agaçdan ýasalan gural. Bu guraly aýagyň bilen depip herekete getirmeli.