Türkmen tahýasy

6 Noýabr 2024
291

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmen tahýasy asmana meňzeş, edil asman ýaly güberçek edilýär. Edil asman ýaly edilip, oňa «güneşiň» suraty çekilýär. Asman nur eçilip, ýerde ýaşaýyş döredýär. Ynsanyň hem akyl-paýhasynyň, ruhy beýikliginiň şertli mekany ynsan synasynyň başydyr.

Halkymyzyň taryhynda erkek adamlar, aýal-gyzlar hemişe başgaply bolupdyr. Şonuň üçin hem türkmenler öz başgaplaryny ýaş aýratynlyklaryna görä keşdeläp tikipdirler. Kiçijik gyzjagazlara tahýa, durmuşa çykmadyk gyzlara gültahýa, durmuş toýunda geýilýän çykyş tahýa ýaly görnüşlerini tikipdirler. Erkek adamlara aglaba akgaýma tahýalar taýýarlanypdyr. Tahýalar barada gürrüň edilende geýilen başa gelşik berýän gültahýalar, akgaýma tahýalar barada gürrüň açmak gyzykly bolsa gerek.

Enebaý AMANBERDIÝEWA,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri.