Rysgal-berekediň baýramy

5 Noýabr 2024
285

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagy döwrebap ösüşlere beslenýär. Eziz Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereket-bolçulygyň baýramy bolan Hasyl toýy giňden bellenilýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda pagtanyň we azyklyk bugdaýyň bol hasyly, şeýle-de gök, miwe, bakja önümleriniň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Bu gün agzybir ojaklarymyzdaky bereketli supra-saçaklaryň dürli-dümen nygmatlardan dolup durmagy, «ak altynyň» bol hasylynyň öndürilip, ýeňil senagatyň kuwwatly pudaga öwrülmegi zähmetsöýer babadaýhanlaryň çekýän halal zähmetiniň, sahy topragymyza siňdirýän yhlasynyň netijesidir. Edermen babadaýhanlar bu ýyl hem Hasyl toýuna uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler.

Hormatly Prezidentimiz ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary, enjamlary satyn almak, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, önümçilige ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şeýle çäreler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň artmagy üçin oňyn şertleri döredýär. Häzirki döwürde bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ekin meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak işi dowam edýär, ýetişdirilen gowaça hasyly, şaly, gant şugundyry ýygnalýar. Welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnamak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Mallaryň baş sanyny, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak işleri geçirilýär, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak, ýorunja, arpa ideg etmek boýunça zerur çäreler dowam edýär. Bular dogrusynda ýakynda, 1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Annaoraz SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.