Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

4 Noýabr 2024
1045

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.