Iki dostlukly halkyň dana ogullary

3 Noýabr 2024
218

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen hem ykdysady, syýasy, ylmy-medeni gatnaşyklary üstünlikli alyp barýar. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň gerimi, mümkinçilikleri günsaýyn has-da giňeýär. Ata Watanymyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili hünäriniň açylmagy, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ençemesiniň hytaý diline ýöriteleşdirilmegi ylym-bilim ulgamynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň täze derejä göterilýändiginiň güwäsidir. Türkmen ýaşlarynyň hytaý dilini we edebiýatyny kämil öwrenmekleri we bu ugurdan ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmekleri geljekde olaryň öňünde täzeden täze ruhy, medeni giňişlikleri açar.

Bu günki günde iki halkyň dünýä filosofiýasyna, edebiýatyna, umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşan dana ogullarynyň atlary dünýä hakydasynda baky ebedileşdi. Häzirki günde Konfusiý diýseň, hytaý halky, Magtymguly diýseň, türkmen halky seriňe dolýar. Bir şahsyýetiň üsti bilen tutuş halkyň tanalmagy, dana ogullaryň ömrüni halkyna, topragyna bagyşlap ömür sürendiginden habar berýär. Magtymguly we Konfusiý söz we paýhas bilen ömürlerine bakylyk bagyşlan ynsanlardyr. Konfusiniň çuň zehininden dörän «Söhbetler we garaýyşlar» atly kitaby hytaýyň nusgawy edebiýatynyň iň meşhur 13 kitabynyň biri hasaplanýar. Akyldaryň taglymatynda ynsanperwerlik ýörelgesi esasy orun eýeleýär. Ol ýazgylarynda ata-baba däplerine wepalylygy, ýaş we dereje taýdan özüňden ululara hormat goýmagy, ylym-bilim almaga ýykgyn edip, nadanlykdan daşlaşmagy, kämilligiň çäginiň ýokdugyny nazarda tutup, dowamly kämilleşmegi ündäpdir.

Maýa MUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň daşary ýurt diller kafedrasynyň hytaý dili mugallymy.