Toprakdan dörän sungat

31 Oktýabr 2024
329

Binagärlik sungatynyň görnüşleri dürli-dürli bolup, şolaryň arasynda Yslam binagärligi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu görnüş VII asyrda Ýakyn Gündogarda döräp, Orta asyrlarda Kiçi Aziýada, Hindistanda, Eýranda, Merkezi Aziýada, Demirgazyk Afrikada, Ispaniýada, Kawkazda, has soňrak Günorta-Günbatar Aziýada ösüpdir. Diňe bir dini binalar däl, eýsem, adaty durmuş maksatly ymaratlar-da degişli bolan Yslam binagärligi hem birnäçe görnüşe bölünýär.

Arap binagärligi. Bu görnüş yslam dini bilen birlikde dünýä ýaýrapdyr. XVI asyra çenli gurlan binalara mahsus bolan bu görnüşe gönüburçly we dörtburç howlularyň diwarlarynda arkalaryň, ötükleriň bolmagy häsiýetlidir.

Orazgylyç Orazgeldiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.