Gözellik ondur...

31 Oktýabr 2024
398

Ene-mamalarymyzyň naýbaşy lybaslarynyň biri-de türkmen milli donlarydyr. Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada ýöne ýere «Gözellik ondur, dokuzysy dondur» diýilmändir. Mary welaýatyna iş sapary bilen baranymyzda bize don tikýän zenan barada gürrüň berdiler. Bu zenanyň el işleri bilen tanyşmak maksady bilen Sakarçäge etrabynyň Söýem Sary geňeşliginiň ýaşaýjysy Artykjemal Orazgylyjowanyň salgysyny alyp, ýola düşdük.

Bizi 70-i töwerekläp barýan nurana ýüzli ene mähir bilen garşy aldy. Ynsan durmuşy her hili öwrümlerden doly. Artykjemal daýza küleçe tikmek işine mundan sekiz ýyl ozal başlandygyny aýtdy. «Näme üçin 8 ýyl ozal, onuň sebäbi nämede?» diýen sowalyma, ol:

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».