Meýilnama artygy bilen

31 Oktýabr 2024
283

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde döwrebap elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulyş çäreleri boldy. Şeýle-de Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda elektrik toguny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi unudylmajak taryhy waka boldy. Şeýle şanly wakalardan ruhlanyp, iş depginlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýola goýmagy başarýan günbatar sebitiň ugurdaş kärhanalary-da «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda jemi 3 milliard 423 million kilowat sagada barabar elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar. Bu üstünlikde Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar.

Hormatly Prezidentimiziň elektroenergetika ulgamyny has-da kuwwatlandyrmak barada edýän irginsiz aladalaryndan göwünleri galkynýan hünärmenler şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 986 million kilowat sagatdan gowrak elektrik toguny öndürip, sarp edijilere ýetirmegi başardylar. Munuň özi ýylyň başyndan bäri dokuz aýyň meýilnamasynyň 101 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112 göterim ösüş gazanylandygyny aňladýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).