Soltan Sanjaryň teňňeleri

31 Oktýabr 2024
378

Türkmen halky gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhynyň dowamynda Änew, Marguş, Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam, Şährihaýbar, Dehistan, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abiwerd ýaly ençeme medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragynda dörän köp sanly medeni ojaklarda öz döwrüniň meşhur alymlary, akyldarlary, söz ussatlary, ylmyň we edebiýatyň ösmeginde mynasyp hyzmatlary bitirip, gymmaty egsilmejek hazynany nesillere baky miras galdyrypdyrlar. Şoňa görä, halkymyzyň buýsanja beslenen taryhyny, edebi mirasyny, ägirt uly döwletlere hökümdarlyk eden beýik şahsyýetlerimiziň milletimiziň öňündäki hyzmatlary baradaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Beýik Seljuk döwletiniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjar 21 ýyl Horasynyň mäligi, 39 ýyl bolsa ähli Seljuk türkmen döwletiniň soltany bolupdyr. Ol döwlet dolandyrmak boýunça baý tejribe toplapdyr. Soltan Sanjar döwlet işinden örän oňat baş çykarýan, ylym-bilime ýokary baha berýän hökümdar bolupdyr. Onuň soltanlyk eden döwründe medeniýet, sungat pajarlap ösüp, durmuş ähmiýetli binalaryň ençemesi gurlupdyr. Soltan Sanjaryň köşgünde iň meşhur şahyrlar, alymlar ýetişipdir. Emir Muizzi «Seýr-e fotuh Soltan Sanjar», Ali Kazwini «Mäfahirul etrak» atly kitaplaryny hut Soltan Sanjara bagyşlap ýazypdyrlar. Omar ibn Sahlan Sawi bolsa onuň kitaphanasy üçin «Risaleýe Sanjariýe fi kainatul unsuriýe» atly kitaby peşgeş edipdir. Soltan Sanjar çeper söze biçak uly gadyr goýupdyr, köşkde edebi bäsleşikleri geçiripdir. Maglumatlara görä, onuň özüniň hem şygyr ýazmak başarnygy bolupdyr.

Rahym HOJAMYRADOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktory.