Milli buýsanjymyz

24 Oktýabr 2024
355

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär.

Şöhraty dünýä dolan gadymy Merw, Köneürgenç we gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň, Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de häzirki wagtda bu sanawa türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.

Orazsähet ORAZSÄHETOW,
Arkadag şäheriniň kazyýeti, kazynyň kömekçisi.