Yhlasly zähmetiň miwesi

23 Oktýabr 2024
376

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda bagçylygy ösdürmäge, hasyllylygyny artdyrmaga we görnüşlerini  köpeltmäge uly üns berilýär. Magtymguly etrabynda hem ykdysady taýdan peýdaly, adam üçin ýokumly subtropik miweler bolan nar we zeýtun baglaryny ösdürip ýetişdirmekde maksada okgunly işler bitirilýär. Şu günler etrapda miweleriň ýygymy guramaçylykly alnyp barylýar.

Sumbar we Çendir jülgelerinde, beýleki subtropik miweli baglar bilen birlikde, nar baglary-da ösdürilip ýetişdirilýär. Jülgelerde, derelerde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».