Žurnalist Narjan Kasymowa dünýäde iň köp ýaýran keselleriň biri bolan miokardyň infarkty barada gürrüň bermegi Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň kardiorewmatolog lukmany Žanna Allakowadan haýyş etdi.
— Miokardyň infarkty ýürek myşsasynda gan bilen üpjünçiligiň bozulmagy bilen geçýän keseldir. Mälim bolşuna görä, bu kesel köplenç duýdansyz, birdenkä ýüze çykýar. Aslynda welin, onuň döremeginiň esasynda ýatan hadysalar has ir başlanýar. Nädogry iýmitleniş, az hereketlilik, zyýanly endikler (ylaýta-da çilimkeşlik), semizlik, süýjüli diabet, gipertoniýa, dowamly nerw dartgynlylygy, stresler, ruhy şikesler zerarly ýüze çykyp, damarlary daraldýan aterosklerozly üýtgemeler, ganyň lagtalanmagynyň netijesinde döreýän tromblar (uýan gan) wagtyň geçmegi bilen täç damarlarynda (koronar arteriýalar) ganaýlanyşyň peselmegine getirýär. Miokardyň öýjüklerine kislorod bilen baýlaşan gany eltýän täç arteriýalarynda ýürek myşsalaryny doly üpjün etmek üçin ýeterlik gan bolmaýar. Netijede, kislorod ýetmezçiligi (gipoksiýa), dokumalaryň, öýjükleriň işemiýasy ýüze çykýar. Bejeriş gijikdirilende täç damarlary tromb bilen dykylyp, ýürek myşsasynda ganaýlanyş birdenkä peselýär. Dokumalaryň jansyzlanmagy (nekroz) bilen häsiýetlendirilýän infarkt ýüze çykýar.