Maksatly iş myrada ýetirýär

16 Oktýabr 2024
369

Söhbetdeşimiziň iş otagyna baranymyzda, onuň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli şatlygyny paýlaşýanlaryň sanynyň örän kändigine magat göz ýetirdik. Telefon arkaly gutlaglary uly buýsanç bilen ýüregine siňdirýän Babajan Narmamedow biz bilen mähirli salamlaşyp, hal-ahwal soraşdy. Onýança ýene-de jaň gelip, gutlaglar dowam etdi...

— Görşüňiz ýaly, şu günler iň bagtly pursatlary başdan geçirýärin. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ujypsyz zähmetime ýokary baha bermegi, döwlet sylagy bilen sylaglamagy maňa ruhy joşgun paýlap, täze zähmet ýeňişlerine galkyndyrdy — diýip, Babajan öz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Şanazar ROZYGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.