Hem ýokumly hem şypaly

16 Oktýabr 2024
324

Hünärmenler ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsiri babatda şüläniň dürli görnüşini aýratyn orunda goýýarlar. Sebäbi şüleler adama gurp bermek bilen birlikde onuň bedenini zäherli maddalardan arassalamakda hem haýyrlydyr.

Şeýle peýdaly iýmitleriň biri-de süle ýarmasyndan taýýarlanylýan şüledir. Süle ýarmasy A, E we C ýokumlaryna baý bolup, iýmit siňdirişi, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, nemli bardalary goraýar. Eremeýän kletçatkalar içegeleriň goraglylygyny güýçlendirip, zäherli maddalary çykarmaga ýardam berýär.

Dursun JUMAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.