Türkmenistan döwletimiz bir asyryň üçden bir böleginden hem gysga wagtda ösüşleriň belent menzillerine ýetdi. Şol ösüşler ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamynda hem öz beýanyny tapdy.
Islendik döwletiň durnukly ösüşinde onuň maliýe-ykdysady ulgamyna uly orun degişlidir. Ilkinji nobatda bolsa, pul dolanyşygyny akylly-başly ýöredip, onuň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmagy ykdysady üstünlik hasaplap bolar.