«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024
Watan mukaddesligi hakynda söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan biziň her birimiz üçin elýetmez mertebedir. Munuň hem sebäbi, Watan söýgüsi soňlanýan däldir. Watan söýgi hemişe joşup duran mukaddes duýgudyr. Şeýle bolanlygy üçinem diňe mertler, Watanyň mert ogullary Watany beýgeldýärler» diýen parasatly setirleri seriňe dolýar. Ilkinji kitaplarynyň birini «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» diýip atlandyran Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk söýgüsi biziň üçin nusgalyk bolup, halkyň manyly ýaşaýşynyň, Watanyň gymmatyna düşünmegiň, zähmetde uly üstünlikler gazanmagyň, belent maksatlara ýetmegiň özenine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly ençeme watançylyk çagyryşly kitaplary her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.