Täze guýular ulanyşa berildi

9 Oktýabr 2024
412

«Türkmennebit» döwlet konserniniň  «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri birbada iki guýynyň  gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Olar Uzynada baýlyklar känindäki 80,  Demirgazyk Goturdepe  baýlyklar känindäki 415 belgili ulanyş maksatly guýulardan «gara altynyň» we  gaz kondensatynyň  senagat akymyny almagy başardylar.

Geçirilen gazuw işleriniň netijesinde Uzynada meýdançasyndaky taslama çuňlugy 6800 metr bolan guýynyň  6652-6659  metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy.  Önümli guýy «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berlip, ol bir gije-gündizde 85 müň kub metr tebigy gaz we 73 tonnadan gowrak kondensat berýär.  Kämil burawlaýyş enjamlarydyr desgalary bilen üpjün edilen Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary  Demirgazyk Goturdepe känindäki taslama çuňlugy 4870 metr bolan guýynyň 4536-4539 we 4564-4569 metr çuňluklaryndan nebitiň senagat akymyny aldylar. «Gara altynly» guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzir bir gije-gündizde 35  tonna nebit berýär.  

(Öz habarçymyz).