Tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzda tebigatyň we daşky gurşawyň goraglylygy kanun esasynda kepillendirilendir. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda obalardyr şäherçeler, şäherler bagy-bossanlyga bürelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara işjeň goşulýar. Ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wajyp meseleleri çözmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlarynyň dünýäde goldanylyp, ýurdumyzda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bizi diýseň buýsandyrýar.