Watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýär, her bir günümiz uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerinden ugur alnyp kabul edilýän maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda giň möçberli syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda netijeli işler amal edilip, ata Watanymyzyň her bir sebitinde, her bir şäherdir obasynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly taslamalar bina edilýär.
Ösüşe beslenýän esasy pudaklaryň biri bolan binagärlik-gurluşyk ulgamynda hem uly üstünliklere ýetilýär. Muňa mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän Arkadag şäherini aýtmak bolar. Bu şäheriň gaýtalanmajak, sungat eseri bolan biri-birinden kaşaň edara binalarynda innowasion tehnologiýalaryň, ýaşaýyş jaýlarynda «akylly öý» ulgamynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berlipdir. Bu bolsa Arkadag şäheriniň sanly mümkinçilikleri özünde jemleýän, «akylly şäher» maksatnamasy boýunça gurlandygyna güwä geçýär. Biz bu hakykaty Arkadag şäheriniň halkara derejeli şahadatnamalara mynasyp bolmagynda hem görýäris.