«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024
Türkmen halky şöhratly taryhy, taryhy şahsyýetleri we milli mirasy bilen dünýä döwletleriniň we jemgyýetleriniň arasynda öz mynasyp ornuny tapypdyr. Halkymyzyň bu ajaýyp gymmatlyklary hemişe adamzadyň üns merkezinde saklanyp, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda kämillik ruhunda kemala gelmeginde mynasyp orny eýeläpdir. Şonuň üçin türkmen halkynyň maddy we medeni gymmatlyklary umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawyna yzygiderli girizilýär. Bu babatda Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýä döwletleri we halkara abraýly guramalary bilen yzygiderli ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýýar we günsaýyn ösdürýär.