Biler bolsaňyz...

4 Oktýabr 2024
691

Kädi çigidi. Ol beden üçin peýdaly önümleriň biridir. Onuň düzüminde PP, A we E, D, C, B topar witaminler bar. Bu onümiň düzümindäki pektin, Omega-6, Omega-3, sellýuloza, aminokislotalar, demir, marganes, fosfor, mis, sink, ýod, kobalt, hlor we kremniý ýaly maddalar gymmatly iýmit çeşmeleri bolup durýar. Kädi çigidi horlanmak isleýänler üçin gerekli önüm bolup durýar. Kädi çigidiniň saglygy goramakda we berkitmekde peýdaly taraplary sanardan köp. Önümi yzygiderli kabul etmek gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrmakda, gan damarlaryny giňeltmekde, ýürek keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almakda, nerw ulgamyny kadalaşdyrmakda, bedeniň kesellerden goraýjylyk ukybyny artdyrmakda örän peýdalydyr. Süýjülikleri yzygiderli kabul etmek ynsan bedenine ýaramaz täsir edýär. Bu endikden saplanmakda hem kädi çigidi peýdalydyr. Kädi çigidi süýjülikleri iýmek islegini peseltmäge ukyplydyr. Çigidi çig görnüşinde iýmek maslahat berilýär. Ol bagryň, içegäniň işini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

* * *

Amanbibi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.