Adyna eýe bolsun!

4 Oktýabr 2024
689

Ilimizde täze bäbek doglanda oňa: «Ýaşy uzyn bolsun!» diýlip arzuw edilýär. Taryhy çeşmelerde-de bellenilişi ýaly, ene-atanyň ilkinji borjy perzendine ilhalar gözel at dakmakdyr. Tanymal şahsyýetler hem uly ili çagyryp, olardan çaga at goýmagy sorar ekenler. «Gorkut ata» şadessanynda Derse han ogly bolanda toý tutup, Gorkut atadan perzendine at goýmagy soraýar. Şonda Gorkut ata oglanjyga ak pata berip, «Oglan hakyky adyny özi gazanar» diýýär. Hakykatdan-da, oglan ýetginjek wagty uly märekäniň öňünde öküzi ýykyp, Bugaç adyny alýar. Ýa-da «Görogly» şadessanynda Adybegiň merhum aýalynyň guburynyň başyndan oglanjygy getirenlerinden soň Jygalybeg iline sala salýar. «Garaňky dünýäden ýagty dünýä geldi, adyna Röwşen goýalyň!» diýýärler. Şonda bir ýaşuly: «Bu çaga ady bilen geldi, ady Görogly bolsun!» diýýär. Röwşeniň Görogly ady asyrlardan-asyra, nesillerden-nesle geçdi.

Edil şolar ýaly-da «Zöhre—Tahyr» dessanynda Babahan patyşanyň gyzy asmanda Zöhre ýyldyzy dogan wagtyna gabat geleni üçin adyna Zöhre goýýarlar.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.