Gahryman Arkadagymyzyň: «Şu gün biz Garaşsyzlygymyzy gazanmakda we berkitmekde geçen ýolumyza nazar aýlap, gazanylan her bir üstünligiň aňyrsynda ile-ýurda söýginiň, wepadarlygyň, tükeniksiz zähmetiň, yhlasyň ýatandygyny asla unutmaly däldiris» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda döredijilikli, halal zähmet çekýän ildeşlerimiziň bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Asylly däbe görä, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli hem hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, döwletimiziň ösüşine şahsy goşant goşan raýatlarymyzyň uly toparyna hormatly atlar dakyldy, döwlet sylaglary gowşuryldy. Biz hem Şa serpaýyna mynasyp bolan watandaşlarymyzyň käbiriniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.
Tirkeş MÄTNAZAROW,
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti, Türkmenistanyň halk artisti: