Döwletli il ge­ňeş etse, toý bo­lar

24 Sentýabr 2024
488

Berkarar ýurdumyzda peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Ata-babalarymyz halkyň bähbidine amala aşyrylýan her bir işi ýaşululara geňeşip, halk bilen maslahatlaşyp çözmegiň tarapdary bolupdyr. Munuň şeýledigini «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşene giň dünýä», «Döwletliniň başlan işi oň bolar» ýaly pähimli jümleler aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Häzirki bagtyýar döwrümizde-de halkymyz gadymy däp-dessurlaryny, milli ýol-ýörelgesini ýitirmän, döwrebap röwüşde dowam etdirýär. Şonuň üçin hem «demokratiýa» düşünjesi türkmen taryhynyň has irki döwürlerinde-de bar bolan düşünjedir diýsek ýalňyşmarys.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda halk demokratiýasynyň özboluşly nusgasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Onda ara alnyp maslahatlaşylýan, kabul edilýän döwlet, il-ýurt ähmiýetli çözgütler halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygy örän möhüm milli gymmatlyklarynyň biri hasaplaýar. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň saýasynda demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler gazanylýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.