Garaşsyzlyk - ykballaryň ykrary

24 Sentýabr 2024
470

Her ýyl sahawatly güýz gelende:
Il-günüme ygtyýarlyk, erk beren,
Garaşsyzlyk alyp gelen tylla güýz!

— diýen goşgy setirlerini biygtyýar sere getirenimi duýman galýaryn. Toý-baýramlary goşa-goşadan getirýän bu ajaýyp pasyl bosagadan ätlände, göwnümiz galkynyp, heýjana gelýär. Çünki bu pasylda külli türkmen halkynyň iň uly toýy — Garaşsyzlyk baýramy giňden bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny ýüregimize has ýakyn saýýarys. Neneň şeýle bolmasyn?! Mähriban halkymyz Garaşsyz döwlet bolmak arzuwyny gursagynda göterip, bäş müň ýyllyk ýoly geçip geldi.

Dädebaý NARTYÝEW,
žurnalist.