Hemmämize mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şygyrlary göwherden gymmatly dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, onuň 300-e golaý goşgusyny öz içine alýan «Magtymguly» atly ajaýyp kitap neşir edildi. Döwrebap usulda neşir edilen bu kitap turuwbaşdan okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Biz hem häzirki zaman neşir ülňülerine laýyk, ýokary hilde çap edilen kitaby düzen, bezän we neşir eden hünärmenleriň köňül buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.