Häzirki döwürde gözel paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygyny dikeltjek hem-de döwrebap dynç aljak raýatlar üçin ähli şertler döredilen şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Tölegleriň elýeterliligi, bejerginiň we hyzmatlaryň ýokary derejesi şypahanalaryň hemişe köp adamly bolmagyna getirýär. Eziz Watanymyzyň ajaýyp künjeklerindäki, bejeriş-mineral suwlary bolan çeşmeleriň ýanyndaky şypahanalarda dynç almaga we saglygyny dikeltmäge isleg bildirýänler barha artýar.
Ýurdumyzda ilatyň saglygyny dikeltmekde häzirki wagtda hereket edýän şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm düzümleriniň biri bolup hyzmat edýär. Şypahanalaryň işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemekde we Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň, şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi hem-de onuň goralmagy ugrundaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hereket edýär.