Magtymguly hakyndaky ilkinji Libretto

23 Sentýabr 2024
521

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary külli türkmeniň kalbynda Watana, il-güne çäksiz söýginiň nyşany bolup ýaşaýar, nesillere ahlak terbiýesiniň sagdyn mekdebi bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe derwaýysdyr» diýip jaýdar belleýşi ýaly, halkymyz dana Pyraga hemişe uly hormat goýup, sarpasyny belentde tutýar. Türkmen edebiýatynda şahyryň eserleriniň manysyny tirmekde, ideýalaryny dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirildi, onuň çeper keşbini döretmek meselesi-de ýazyjy-şahyrlarymyzyň, suratkeşlerimiziň öňünde duran uly wezipeleriň biridir.

Akyldar şahyryň çeper keşbini döretmekde köp synanyşyklar edilipdir. Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy hasaplanylýan Berdi Kerbabaýew 1941-nji ýylda ilkinji bolup beýik şahyryň edebi keşbini döretmäge synanyşýar. Ol şahyryň şygyrlaryna ýüzlenip, ol barada tutumly eser döredýär. Ýazyjynyň özi bu barada: «Şahyryň öz Watanyny nähili söýenligi, ony duşmanlardan goramak ugrunda nähili göreşenligi hakynda «Magtymguly» atly pýesany ýazdym» diýip, 1942-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Sowet Türkmenistany» gazetinde belläp geçýär.

Baýrambike TOÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.