Ataň pata berse, Alla ýarandyr

23 Sentýabr 2024
455

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň we çuň manyly döredijiliginde onuň Watanyna, halkyna bolan wepadarlygyny, belent adamkärçiligini, nesillere nusgalyk edep-terbiýesini görmek bolýar. Şeýle nusgalyk terbiýe arkama-arka atadan ogla geçip gelýär. Bu babatda halkymyz «Ata dünýäsi ogla gönezlik» diýýär. Akyldar şahyrymyzyň pederi bilen bagly ýatlamalar, pederiniň beren öwüt-ündewleri, galyberse-de, şahyryň pederine bagyşlap döreden şygyrlary biziň üçin uly durmuş mekdebidir.

Her bir atanyň öz perzendine bolan çäksiz söýgüsi, guwanjy bar. Şeýle ata söýgüsini Magtymguly Pyragynyň «Oglum — Azadym» atly aýdyşyk goşgusynda has-da aýdyň görmek bolýar. Ataly ogluň arasyndaky bu aýdyşykda dünýäniň syrlaryny çözmäge, äleme akyl ýetirmäge ýola şaýlanýan perzendiň hem-de öz söwer ogluny ýat illere, ýörelmedik beýewan ýollara ýollamakdan köňli ynjaýan atanyň keşbi örboýuna galýar.

Jumadurdy GARAGULOW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 47-nji orta mekdebiň mugallymy.