Ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlygyň çäginde Kaka etrabynda gyzykly bäsleşikler, wagyz-nesihat häsiýetli çäreleri geçirilýär. Etrapdaky 14-nji we 19-njy orta mekdeplerde ýokary synp okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçen duşuşyklar has-da täsirli boldy.
Duşuşyklarda jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi we döretmegi ugrunda döwlet tarapyndan edilýän alada, döredilýän giň mümkinçilikler hakda aýdyp, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygy dogrusynda täsirli söhbet açdylar.